Turkmenportal logo
Şu gün 18:18
33843384
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokio türkmen talyplaryny emeli aň boýunça geçiriljek okuwlara çagyrdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Tokio şäherinde saparda bolýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma bilen geçirilen duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu duşuşyga «Asia SEED» guramasynyň taslamalary ösdürmek we durmuşa geçirmek müdirliginiň geňeşçisi A.Futohaşi hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, bilimiň ynsanperwer ugurlaryny ösdürmek, dilleri çuňlaşdyryp öwrenmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak, hünärmenleri taýýarlamak, KOSEN bilim ulgamyny ýola goýmak, emeli aň (EA) ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiň direktorynyň orunbasary Ý. Sonoýama bilen geçirilen duşuşykda türkmen ýokary okuw mekdebi bilen JICA-nyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem bilim we ylym ulgamynda JICA-nyň maliýeleşdirmeginde ýapon dilini okatmak boýunça hünärmenleriň özara alyş-çalyşygyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem JICA tarapy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny emeli aň boýunça «Maglumat ylymy we emeli aň bilen öz başarnygyňy aç» atly wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek gysga möhletli okuwa gatnaşmaga çagyrdy.