Turkmenportal logo
Şu gün 17:48
90129012
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«CNPC-niň» Türkmenistandaky şahamçasy «Galkynyş» taslamasy üçin boş iş orunlaryny yglan etdi

«CNPC Amudarýa Petroleum Kompani Ltd.-niň» Türkmenistandaky şahamçasy «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynyň guýularyny we tebigy gazy taýýarlaýjy desgasyny taslamak we gurmak boýunça taslamada işlemäge işgärleri kabul edýändigini yglan etdi. Taslama «taýýar görnüşde ulanyşa bermek» ýörelgesi esasynda amala aşyrylýar we ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge niýetlenendir.

Açyk iş orunlaryna şu wezipeler hödürlenilýär: hukukçylar, maliýe boýunça hünärmenler, işgärler we satyn alyşlary guramak boýunça hünärmenler, inženerler, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenler, buraw işlerini dolandyrmak boýunça inženerler we hünärmenler, iş ýöredijiler (awiapetekler, aeroportlar, kurýer gullugy, arhiw, wiza, aktiwler bilen işlemek ugurlary boýunça), IT-tehnikler, sürüjiler, kätipler we terjimeçiler, kabulhana işgärleri, goragçylar, arassaçylyk işgärleri, şeýle hem aşpez kömekçileri.

Iş ýerleri Aşgabatda we Maryda göz öňünde tutulýar. Ähli dalaşgärlere bildirilýän hökmany talap — degişli hünär boýunça üç ýyldan az bolmadyk iş tejribesi, şeýle hem rus dilini suwara bilmekdir. Hytaý dilini bilmek makullanýar.

Resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 günüň dowamynda kabul edilýär. Söhbetdeşlige diňe deslapky saýlawdan üstünlikli geçen dalaşgärler çagyrylar. Maglumatnamalar we anketalar şu salga iberilmelidir: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3-nji jaý, «A» blok, birinji gat.

Bildiriş 2026-njy ýylyň 12-nji maýynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.