Turkmenportal logo
Şu gün 17:20
1151511515
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi üçin tizlige gözegçilik etmek enjamlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn alnar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň zerurlyklary üçin ulag serişdeleriniň tizligini ölçemäge niýetlenen enjamlaryň we olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynjakdygy barada tender yglan edildi.

Tenderiň şertlerine laýyklykda (lot № 4), arzalar Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeler öýünde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyna çenli kabul edilýär. Resminamalary kabul etmek işleri her gün ýerli wagt bilen sagat 09:00-dan 11:00-a çenli alnyp barylýar.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen tender bäsleşigi baradaky maglumatlara görä, oňa gyzyklanma bildirýän guramalar, kärhanalar we kompaniýalar gatnaşmaga çagyrylýar. Tendere gatnaşmagyň tölegi 200 ABŞ-nyň dollary möçberinde kesgitlenildi.

Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 21-54-38, 70-50-97, 38-80-28.