Turkmenportal logo
Şu gün 16:17
72927292
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarus Aşgabatda geçirilýän sergide gurak topraklar üçin dökünlerini görkezdi

Belarusyň «NTP-Sintez» kompaniýasy sişenbe güni Aşgabatda açylan «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisinde Merkezi Aziýanyň gurak topraklary üçin niýetlenen toplumlaýyn mineral dökünleri bilen tanyşdyrdy.

Kompaniýanyň direktorynyň täjirçilik meseleleri boýunça orunbasary we esaslandyryjysy Anna Hilkonyň aýtmagyna görä, kärhana dökünleriň 60-dan gowrak görnüşini — helat toplumlaryny, toplumlaýyn, organiki-mineral hem-de mono-dökünleri öndürýär. Mundan başga-da, kompaniýa hojalyklaryň iş aýratynlyklaryny, topragyň hasyllylygyny, ekinleriň zerurlyklaryny we ösdürip ýetişdiriş tehnologiýalaryny nazara alyp, olar üçin aýratyn maksatnamalary taýýarlaýar.

«Aýratyn çemeleşme — biz muňa köp ýyllaryň dowamynda ýetdik. Ýokary netijeli dökünleriň köp görnüşi işlenip düzüldi we olaryň täsirliligi Belarusyň hem-de Russiýanyň ýerlerinde subut edildi. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan bilen iş alyp barýarys. Türkmenistanda hem önümçilik synaglarymyz eýýäm bar» — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Hilkonyň sözlerine görä, kompaniýa sebitde hyzmatdaşlyk toruny giňeltmegi maksat edinýär. «Hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklar bar, emma serginiň üsti bilen ýene-de täze hyzmatdaşlary tapmak isleýäris. Maksadymyz uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak. Dökünlerimiziň kömegi bilen siziň toprak şertleriňizde ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli tagallalary ederis» — diýip, ol belledi.

Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý hem öz gezeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň agro-senagat toplumyny ösdürmäge we ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge uly üns berýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, belarus tarapy serginiň netijeleri boýunça anyk ylalaşyklaryň we şertnamalaryň baglaşylmagyna umyt baglaýar.