Russiýanyň «Miratorg» agro-senagat holdingi Türkmenistanyň bazaryndaky önümleriniň görnüşlerini giňeldýär. Bu barada kompaniýanyň eksport boýunça esasy menejeri Natik Mamedow sişenbe güni Aşgabatda açylan «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisinde mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda çelpekler, börekler, doňdurylan gök önümler we miweler boýunça assortiment giňeldilýär. Şeýle hem towuk naggetsleriniň ähli görnüşleri hödürlenýär we olary Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda torlarynyň ählisinde tapyp bolýar.
Mamedow kompaniýanyň ýerli sarp edijileriň tagam isleglerine laýyk hereket edýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, türkmenistanlylar etiň baý tagamly önümlerini has gowy görýärler. Şeýle hem ol guş etinden taýýarlanan naggetsler toplumyny aýratyn nygtady.
Holding azyk önümlerinden başga-da, Türkmenistanda öý haýwanlary üçin iýmleri öndürmek ugruny hem ösdürýär. Menejeriň aýtmagyna görä, haýwan iýmlerinde diňe öz öndürýän etleri ulanylýar we olaryň düzüminde hakyky etiň mukdary örän ýokarydyr.
Mamedow hyzmatdaşlaryň hatarynda «Halk Market» söwda toruny agzady. Şeýle hem kompaniýanyň ýerli şöhlat we ýarym taýýar önümleri öndürijilere çig mal ýetirýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, «Miratorg» Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda işleýär, emma Türkmenistanda holdingiň önümleri bölek satuwda aýratyn giň görnüşde hödürlenýär.
«Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi 14-nji maýa çenli dowam eder. Çärä Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, ABŞ-dan, Türkiýeden we Özbegistandan, şeýle hem Türkmenistandan jemi 80-e golaý kompaniýa gatnaşýar.