Turkmenportal logo
Şu gün 13:56
54825482
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Starmer wezipesinde galyp, tankytçylarynyň bimamladygyny subut etmekçi
Surat: report.az

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer Leýboristler partiýasynyň içinde tankydyň artýandygyna garamazdan, iş başyndan gitmek barada çagyryşlary ret etdi hem-de özüni tankyt edýänleriň ýalňyşýandyklaryny subut etjekdigini aýtdy.

Starmer öňräkki saýlawlaryň netijeleriniň öz partiýasy üçin agyr bolandygyny hem-de täsirli partiýadaşlarynyň birgidenini ýitirendiklerini aýtdy. Ol bu şowsuzlyklar üçin jogapkärçiligi öz üstüne alýar, emma wezipesinden gitmek islemeýär.

Premýer-ministr partiýanyň içinde we jemgyýetçiligiň arasynda özüniň liderligine şübhelenýänleriň bardygyny belledi, ýöne ol şeýle tankyt bilen öň hem az ýüzbe-ýüz bolmandyr we olaryň esassyzdygyny subut etmegi başarypdyr.

Starmer häzirki Hökümetiň 2024-nji ýylda alnan mandaty durmuşa geçirmelidigini, wada berlen özgertmeleri amala aşyrmalydygyny nygtady. Ol: «Beýik Britaniýa öňki Konserwatorlar partiýasy döwründäki bulam-bujarlyga dolanmaly däldir» diýmek bilen, öz maksatnamasyny durmuşa geçirmäge üns berjekdigini söz berdi.

Bu barada «Sky News» neşiri habar berdi.