Turkmenportal logo
Şu gün 13:01
61296129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Russiýa — Yslam dünýäsi: Hyzmatdaşlyk Expo» atly sergide Türkmenistanyň Milli pawilýony ýerleşdiriler

14-15-nji maý aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki «KazanExpo» halkara sergi merkezinde geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2026» XVII Halkara ykdysady forumyna gatnaşar. Bu iri halkara çäre Russiýa Federasiýasy bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürýän abraýly meýdança hökmünde giňden ykrar edilýär diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde söwda, maýa goýum, energetika, ulag-logistika, sanly tehnologiýalar, saglyk, gurluşyk, dokma, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça maslahatlar hem-de iş duşuşyklary geçiriler. Bu bolsa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine giň ýol açýar.

«Şeýle hem forumyň çäklerinde geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: Hyzmatdaşlyk Expo» atly sergide Türkmenistanyň Milli pawilýony görkeziler. Milli pawilýony ýokary derejesinde taýýarlamak we many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak boýunça jogapkärçilik Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylýar» diýlip, TSSE-niň habarynda bellenilýär.