Turkmenportal logo
Şu gün 11:48
94439443
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndy toparynyň resmi sport lybasy bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndy toparynyň resmi sport lybasy bilen tanyşdyryldy. Türgenler bu lybasda 13–18-nji maý aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriljek türki döwletleriň arasynda geçiriljek ilkinji Küşt olimpiadasyna gatnaşarlar.

Tanyşdyrylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport boýunça Baş müdirligine degişli bolan ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt boýunça Gran-pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň çäklerinde boldy.

Türkmen küştçülerine uly üstünlikleri we ýeňişleri arzuw edýäris!