Turkmenportal logo
Şu gün 10:33
1098310983
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «AgroPack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi işine başlady

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» sergisi açyldy. Onuň işi 14-nji maýa çenli dowam eder. Bu sergi oba hojalygynda, azyk senagatynda we gaýtadan işleýän pudaklarda ulanylýan öňdebaryjy ylmy barlaglar, senagat işlenmeleri hem-de innowasion usullar ulgamyndaky netijeli çözgütler bilen göni tanyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem forum hemmetaraplaýyn ösüşi we uzak möhletleýin esasda gurulýan gatnaşyklary ilerletmek üçin uly şertleri döreder.

Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda:

«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň bu ugurdaky başlangyçlary, öňde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda dünýä ýurtlary bilen öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda netijeli çäre bolup hyzmat etjekdigine hem-de gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň ösdürilmegine itergi berjekdigine berk ynanýaryn» diýlip bellenilýär.

Sergide ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar öz önümlerini, döwrebap enjamlaryny we hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar. Sergä gatnaşýan daşary ýurtlaryň hatarynda Belarus, Niderlandlar, Russiýa, Azerbaýjan, ABŞ, Türkiýe we Özbegistan bar. Türkmenistanyň kompaniýalary hem köp sanly harytlaryny we hyzmatlaryny hödürleýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hususyýetçileri agrosenagat toplumynyň dürli pudaklarynda: ekerançylykda we maldarçylykda, guşçulyk toplumlarynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň ösdürilmeginde, et we süýt önümlerini gaýtadan işlemekde, süýji-köke önümleriniň, miwe şireleriniň, täze we gaýtadan işlenen gök-bakja ekinleriniň önümçiliginde uly üstünlikler gazanýarlar. Şol bir wagtyň özünde, olar eksport mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly dünýä bazarlaryndaky orunlaryny yzygiderli berkitýärler.

Serginiň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýol açýan işewürlik duşuşyklary geçiriler.

Serginiň iş tertibi:

  • 12-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli,

  • 13-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli

  • 14-nji maýda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.