Türkmenistan we Uganda söwda, bilim, syýahatçylyk, energetika we medeni hyzmatdaşlyk meselelerine gönükdirilen ýokary derejeli diplomatik gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar. Ugandanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, ýurduň Tährandaky ilçihanasynyň (şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda hem akkreditirlenen) işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, ilçi Twaha Matata tarapyndan duşuşyk duşuşyk guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy Ýazguly Mämmedow bilen ilçi Leonard Mugerwanyň ýolbaşçylygyndaky Ugandanyň wekiliýetiniň arasynda geçirildi.
Iki tarapyň resmi wekilleri gepleşikleriň netijeli häsiýete eýedigini belläp, köpýyllyk dostlukly meýilleri ykdysady ösüşe, medeni düşünişmäge we institutara hyzmatdaşlyga ýardam berýän amaly hereketlere öwürmegiň möhümdigini nygtadylar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti uganda tarapynyň myhmansöýerligine, ýurduň durnuklylygyna we tebigy gözelligine ýokary baha berdi, şeýle hem Afrika ýurtlarynyň we olaryň ösüş mümkinçilikleriniň halkara derejesinde has giňden ykrar edilmegine çagyrdy.
Söwda we maýa goýumlary ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasyny düzdi. Taraplar tebigy gaz, dokma senagaty, oba hojalygy, kofe önümçiligi we önümçilik ulgamy ýaly hyzmatdaşlyk üçin esasy ugurlary kesgitlediler. Türkmenistan tebigy gazyň eksportynyň giňelýändigini we dokma senagatynyň, aýratyn-da, jins we eksporta gönükdirilen matalaryň önümçiliginiň ösýändigini hyzmatdaşlyk üçin mümkinçiligi uly ugurlar hökmünde görkezdi. Oba hojalygy barada durup geçmek bilen, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak we eksport girdejilerini artdyrmak üçin guş etiniň eksportyna, azyk önümlerini gaýtadan işlemäge üns çekildi. Iki wekiliýet hem hususy ulgamyň işjeňligini we maýa goýum mümkinçiliklerini höweslendirmek üçin geljekde syýasy geňeşmeler bilen bir hatarda, işewürlik forumlaryny we söwda sergilerini guramagyň zerurdygy barada ylalaşdylar.
Bilim we medeni diplomatiýa hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Taraplar akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny, uniwersitetleriň we diplomatik akademiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem diplomatiýa we halkara gatnaşyklar ulgamynda bilelikdäki okuw başlangyçlaryny teklip etdiler. Şeýle hem halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen medeni festiwallary we alyş-çalyş maksatnamalaryny guramak meselesi maslahatlaşyldy. Syýahatçylygy ösdürmek meselesi hem gün tertibinde wajyp orun eýeledi. Şunuň bilen baglylykda, Afrika ugurlarynyň, esasan hem, Ugandanyň milli seýilgähleriniň, özboluşly tebigatynyň we ekosyýahatçylyk mümkinçilikleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Gepleşikler Birleşen Milletler Guramasy ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy, şol sanda diplomatik başlangyçlaryň utgaşdyrylmagyny we geljekki döwlet saparlaryny hem öz içine aldy. Taraplar resmi saparlary ýeňilleşdirmek we özara gatnaşyklary gowulandyrmak üçin diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerine wiza ýeňilliklerini girizmek mümkinçiligini öwrendiler. Diplomatlar soňky wagtda amala aşyrylan ýokary derejeli saparlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň barha artýan depgininiň nyşany hökmünde bellediler.