Turkmenportal logo
Şu gün 10:17
1092010920
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Ýewraziýa ykdysady forumyna gatnaşar

2026-njy ýylyň türkmen wekiliýeti 28-29-njy maýda Astanada geçiriljek Ýewraziýa ykdysady forumynda gatnaşar. Bu barada forumyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişine görä, forumyň işine 1250 töweregi telekeçiniň, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (ÝYB) agza we synçy ýurtlaryň döwlet edaralarynyň 350-den gowrak wekiliniň, halkara guramalaryň 130-dan gowrak wekiliniň, şeýle hem ABŞ, Hytaý, Azerbaýjan, Wýetnam, Müsür, Mongoliýa, Türkmenistan, Täjigistan we beýleki döwletlerden 70-e golaý wekiliň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

«Ählumumy sanly ýaryşda ÝYB: emeli aň bildirilýän ynam» atly tema boýunça guraljak forumda ykdysady ösüşiň, sanlylaşdyrmagyň, emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, bazarlary integrasiýalamagyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň içindäki işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, şeýle hem ÝYB-nyň halkara hyzmatdaşlyk çäklerini giňeltmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň maksatnamasynda tematiki bölümlere birleşdirilen 30-a golaý esasy çäre bolup, olaryň iň esasy wakasy ÝYB-na agza döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky umumy mejlisdir.

Forumyň maksatnamasy barada has giňişleýin maglumaty onuň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.