Turkmenportal logo
Şu gün 09:54
1018110181
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. 

TDH-de habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynda bu halkara serginiň oba hojalygynda, azyk senagatynda we gaýtadan işleýän pudaklarda öňdebaryjy ylmy başlangyçlar, senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullar babatda netijeli çözgütler bilen ýakyndan tanyşmak hem-de tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigini, sergide sazlaşykly ösüşi, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklary giňeltmek babatda amatly şertleriň dörediljekdigini belledi.

«Häzirki döwürde doly derejeli we sagdyn iýmitlenmegiň elýeterli bolmagy, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Azyk howpsuzlygyny berkitmek hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek ugurlarynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Azyk önümlerini öndürmegiň durnukly ulgamlaryny döretmek we oba hojalygyny alyp barmagyň önümçilik möçberini artdyrmaga, ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam edýän usullary ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda uzak hem-de orta möhletli maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba hojalygyny, azyk we gaýtadan işleýän senagatyň pudaklaryny tehniki hem-de tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde agrosenagat pudagy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmekde, ilatyň dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini durnukly kanagatlandyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Häzirki döwürde hususy önüm öndürijiler döwlet goldawyndan peýdalanyp, oba hojalygynyň dürli ugurlarynda ýokary netijeleri gazanýarlar. Ekerançylykda, maldarçylykda, guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmekde, eti we süýdi gaýtadan işlemekde, süýji-köke önümlerini, miwe şirelerini, ter we gaýtadan işlenen gök-bakja önümlerini öndürmekde uly üstünliklere eýe bolýarlar. Türkmen telekeçileri öz öndürýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri bilen içerki bazaryň azyk bolçulygyny ýokarlandyrmakda uly işleri amala aşyrýarlar hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly dünýä bazarlarynda ornuny barha berkidýärler» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara dünýä ýurtlary bilen öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda netijeli çäre bolup hyzmat etjekdigine hem-de gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň ösdürilmegine itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.