Turkmenportal logo
Şu gün 09:36
1270612706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara bilermenler ÝUNESKO-nyň sanawyna taýýarlyk görmegiň çäginde Köýtendagda iş saparynda boldular

Köýtendagyň üýtgeşik dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek barada alnyp barylýan işleriň çäginde 5 — 8-nji maý aralygynda Germaniýanyň Mihael Zukkow adyndaky Tebigaty goramak gaznasynyň halkara bilermenleri Türkmenistanda saparda boldular. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. 

Sapar wagtynda hünärmenler türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyna baryp gördüler. Ekspedisiýanyň esasy maksady meýdan barlaglaryny geçirmekden, tebigy toplumlaryň ýagdaýyna baha bermekden we bilelikdäki hödürnama üçin goşmaça maglumatlary ýygnamakdan ybarat boldy. Bu işler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky milli komitetiniň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. 

Mihael Zukkow gaznasynyň bilermenleriniň we milli hünärmenleriň amala aşyran bilelikdäki sapary ýerleriň häzirki ýagdaýynyň ÝUNESKO-nyň Amaly gollanmasynyň (2024-nji ýylyň neşiri) berk talaplaryna laýyklygy taýdan jikme-jik seljermäge mümkinçilik berdi.

 Öňde entek deslapky baha bermek üçin arza ibermek, serhetüsti desgany dolandyrmak meýilnamalaryny utgaşdyrmak, hödürnama bukjasyny kämilleşdirmek we resminamalaryň gutarnykly toplumyny taýýarlamak bilen bagly uly işler garaşýar. 

«Köýtendagyň karstlary, jülgeleri we gowaklary» desgasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder.

«Köýtendagyň karstlary (ýerasty opurylma netijesinde emele gelýän gowaklar), jülgeleri we gowaklary» atly serhetüsti desgany döretmek baradaky çözgüt 2025-nji ýylyň iýulynda täze derejä çykdy. Şonda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hyzmatdaşlary bilen bilelikde Niýetler hakynda bilelikdäki Jarnamany we Ýol kartasyny taýýarladylar. 

 2025-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan we Özbegistan bilelikde «Köýtendagyň karstlary, jülgeleri we gowaklary» at bilen täzelenen Deslapky sanawy (Tentative List) taýýarlap, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy merkezine gowşurdylar.  

Hödürlenýän serhetüsti desga sebitiň iň möhüm aýratyn goralýan tebigy çäkleriniň ikisini: Türkmenistandaky Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyny we Özbegistandaky Surhan döwlet tebigy goraghanasyny birleşdirýär.

Halkara guramalaryň we gaznalaryň (şol sanda CXL, CLLC, RSPB) goldamagynda soňky ýyllarda geçirilen bilelikdäki ylmy ekspedisiýalaryň we barlaglaryň netijesinde, alymlar Köýtendagyň biologik köpdürliligi barada täze we gymmatly maglumatlary aldylar.