Turkmenportal logo
Şu gün 08:25
1135711357
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda halkara gatnaşyklar boýunça geçirilýän bäsleşige 9 ýurtdan talyplar gatnaşýar

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda «Halkara gatnaşyklar: parahatçylykly dialogyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigi badalga aldy — diýip, TDH agentligi habar berýär.

Çärä Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Beýik Britaniýadan we Eýrandan wekiller gatnaşýar. Bäsleşige 13 sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak daşary ýurtly gatnaşyjy, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 117 talyp hasaba alyndy.

Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde halkara tagallalarynyň möhüm ähmiýetini nygtadylar. Esasy ugurlaryň hatarynda özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak we umumy parahatçylygy üpjün etmek üçin syýasy-diplomatik mehanizmleriň mümkinçiliklerinden hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyndan netijeli peýdalanmak görkezildi.

Bäsleşigiň meýdançasynda Türkmenistanyň syýasat, ykdysadyýet, energetika, azyk howpsuzlygy we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugry dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler. Olar şol ýerde ýurduň taryhyny we gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän täsin eksponatlar hem-de sergiler bilen tanyşdylar.