7-nji maýda «Watan» medeni-dynç alyş merkezinde «Zal bilen karaoke» görnüşindäki aýdym-saz agşamy geçiriler. Çäre janly aýdym-saz bilen alnyp barylar we onda artistler bilen tomaşaçylar aýdymlary bilelikde ýerine ýetirerler.
Agşamyň maksatnamasyna Sergeý Mihaýlowyň, Dmitriý Bilanyň, Aleksandr Çumakowyň, «Ruki Wwerh», «A-Studio» we «Lýube» toparlarynyň, şeýle hem Grigoriý Lepsiň, Waleriý Meladzeniň, Waleriýanyň we beýleki ýerine ýetirijileriň aýdymlary girizildi. Mundan başga-da, «Ne Para» toparynyň çykyş etmegine garaşylýar.
Çäre iki seansda — sagat 17:00-da we 19:00-da geçiriler.
Goşmaça maglumatlar we biletleri satyn almak üçin sowallar boýunça şu telefon belgisine ýüz tutup bolýar: +993 61 23 52 34.
Goşmaça maglumatlar @rovshen_nepesov_orchestra akkauntynda ýerleşdirildi.