Turkmenportal logo
Düýn 17:34
1249012490
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dua Lipa «Samsung» kompaniýasyndan 15 million dollar talap edýär

Meşhur britan aýdymçysy Dua Lipa öz şekilini bikanun ulanandygy üçin «Samsung» kompaniýasyna şikaýat bildirip, 15 million dollar öweztölegi talap etdi. Bu barada kazyýet işlerine salgylanýan «People» žurnaly habar berdi.

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň okrug kazyýetine berlen talapnamada «Samsungyň» 30 ýaşly aýdymçy zenanyň keşbini ABŞ-da satylýan telewizorlaryň gutularynda ýerleşdirendigi bellenýär.

«Şekil hamala Lipa önümi ündeýän ýa-da özi bilen dahylly ýaly galp duýgy döredýär hem-de sarp edijileri harydy satyn almaga çagyrýar» diýlip, kazyýete berlen talapnamada bellenýär. Şeýle hem, sosial torlarda aýdymçynyň muşdaklarynyň gutunyň daşyndaky keşbi görüp, telewizorlary satyn alandyklarynyň habarlary getirilýär.

«Gremmi» baýragynyň eýesi Dua Lipa 15 million dollar möçberde öweztölegini hem-de bu şekilli telewizorlaryň satuwyndan girdejiniň bir bölegini talap edýär.