Turkmenportal logo
Şu gün 14:22
45224522
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan 57 müňden gowrak talyp bilim alýar

Türkmenistan Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň sany boýunça ýurtlaryň arasynda ikinji ýerdedir. Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, asia24.media neşiriniň berýän habaryna görä, şu okuw ýylynda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 57 müň 60 sany Türkmenistanyň raýaty bilim alýar.

Birinji ýeri 60 müň 818 talyp bilen Gazagystan, üçünji ýeri bolsa Hytaý (56 müň 766) eýeleýär. Sanawyň dowamynda Özbegistan (46 müň 598), Hindistan (38 müň 831), Täjigistan (24 müň 640), Belarus (16 müň 048), Gyrgyzystan (9 müň 643), Azerbaýjan (9 müň 633) we Eýran (9 müň 495) gelýär.

Umuman alanyňda, Russiýadaky daşary ýurtly talyplaryň sany bir ýylda 7 müň adam artyp, 179 döwletden 402 müň talyba ýetdi. RF-niň bilim we ylym ministriniň orunbasary Mogilewskiý ähli okuw kategoriýalary hasaba alnanda, umumy görkezijiniň 425 müň adama ýetip biljekdigini habar berdi. Öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda bu sanyň ýene-de 93 müň adam, ýagny 28% artmagyna garaşylýar.