Turkmenportal logo
Şu gün 11:38
68326832
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňşiň 81 ýyllygy bilen gutlady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Beýik Ýeňiş güni bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

«Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biz bu mukaddes günde fronta gatnaşanlaryň hem-de tylda zähmet çekenleriň gahrymançylygynyň, tutanýerli zähmetiniň öňünde baş egýäris» diýip, Gazagystanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilýär.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, iki ýurduň halklary synmaz erki, gaýduwsyzlygy we jebisligi görkezip, umumy Ýeňşe uly goşant goşdular. 

«Halklarymyzyň ýowuz uruş ýyllarynda taplanan jebisliginiň, dostlugynyň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn» diýlip gutlagda bellenilýär.

Gazagystanyň Prezidentiniň gutlagynda: «Uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin» diýlip aýdylýar.