Turkmenportal logo
Düýn 23:36
43614361
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy. Döwlet Baştutany paýtagta ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Howa menzilinde sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.  «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanyny Balkan welaýatyna iş saparynyň üstünliklere beslenmegi hem-de «Gadamly» gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda 8-nji maýda Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy. Şeýle-de şol gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.