«Belet» platformasy “Aýdym” bölüminiň çäginde karaoke bölümine täze aýdymlary goşdy. Täze aýdymlar ulanyjylar üçin eýýäm elýeterdir.
Bölümde her dürli tematiki saýlamalar hödürlenýär: türkmen karaokesi, rus halk aýdymlary, rok, rep we hip-hop, pop-romantika, daşary ýurt aýdymlary, Täze ýyl hitleri, internet-hitler, şeýle hem çagalar üçin karaoke. Aýratyn ýerine ýetirijileriň — hususan-da Timur Temirowiň we Muslim Magomaýewiň — aýdymlaryny hem bu ýerde tapyp bolýar.
Bölüm ykjam goşundyda we telewizorlar üçin goşundyda beýleki bölümler bilen birlikde elýeterdir.