Turkmenportal logo
Şu gün 14:35
21272127
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balkan welaýatynda dört aýda senagat önümçiliginiň möçberi 6,6 göterim artdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkanda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň dört aýynda Balkan welaýaty boýunça senagat önümçiliginiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 6,6 göterim artdy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, welaýatda nebitiň çykarylyşy boýunça 1,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça 4,4 göterim, elektrik energiýasynyň öndürilişi boýunça 4 göterim, ýod öndürmek boýunça 6,5 göterim, mineral dökünler boýunça 2,1 esse, nah ýüplükler boýunça 11 göterim ösüş gazanyldy.

Welaýatyň çäginde azyk önümleriniň öndürilişi hem artýar. Hasabat döwründe çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 0,1 göterim, unuň öndürilişi 52,5 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 6,4 göterim, gök önümleriň öndürilişi 1,5 esse, etiň öndürilişi 0,5 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 25,8 göterim, tutulan balyklaryň möçberi 14,1 göterim artdy. Sebitde ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük we ýolagçy dolanyşygynda oňyn netijeler gazanyldy.

Bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründen 6,3 göterim artdy.

Şu ýylyň dört aýynda Balkan welaýatynyň ýerli býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde Balkan welaýatynda durmuş maksatly binalaryň, beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda welaýatyň çägindäki bank şahamçalary tarapyndan girdeji meýilnamasy 136,6 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň, şol sanda Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere şu ýyl göz öňünde tutulan maýa goýumlaryň öz wagtynda özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.