Turkmenportal logo
Şu gün 13:36
41074107
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara Migrasiýa Guramasynyň Baş direktory Türkmenistanyň migrasiýa syýasaty babatdaky üstünliklerine ýokary baha berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti 5 — 8-nji maý aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Migrasiýa meselelerine syn bermek boýunça ikinji halkara foruma gatnaşdy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow Halkara Migrasiýa Guramasynyň Baş direktory hanym Emi Pop bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýany dolandyrmak babatynda halkara kadalary kanunçylyga ornaşdyrmak we migrasiýa kanunçylygyny iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirmek bilen baglylykda Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge içgin gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şeýle hem halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Hanym Emi Pop Türkmenistanda ynsanperwer meseleleri babatynda geçirilen köp sanly maslahatlar, duşuşyklar, forumlar we halkara çäreler tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygyny aýratyn belläp geçdi. 

Sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli kömege mätäç bolan daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwer goldawyny bermek boýunça Türkmenistanyň sazlaşykly işi aýratyn bellenildi.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, HMG-niň wekilleri 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň Üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilendigini aýratyn bellenildi.