Turkmenportal logo
Şu gün 12:27
46834683
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda haýsy halkara forumlar geçiriler?

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkanda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2026-njy ýylyň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çäreler boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu ýerde 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri, degişli meýilnamalara laýyklykda, dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri we beýleki duşuşyklar geçirilýär.

9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde ýokary derejeli duşuşyga degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçiriler.

Şeýle-de Awazada «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň «Saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlary» atly maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

7-nji oktýabrda Awazada Hazar deňziniň ekologiýasy bilen bagly meseleler boýunça Hazarýaka döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygyny guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň sebitdäki suw meselelerine uly ähmiýet berýändigini göz öňünde tutup, Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini aýawly saklamak boýunça bu sebitiň döwletleriniň, Owganystanyň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek maksady bilen, şu formatlara gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlislerini geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.