Turkmenportal logo
Şu gün 10:30
19761976
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Baýramyň tagamy: Zyýat Hil doglan günler üçin tortlaryň sargytlaryny kabul edýär

Doglan güni tortsyz göz öňüne getirmek kyn — hut şol süýjülik myhmanlary bir saçagyň başyna jemläp, ony baýramçylygyň iň esasy pursadyna öwürýär. Zyýat Hil konditer öýünde gowy tortuň diňe bir owadan görünmän, eýsem özboluşly tagamy bilen hem ýatda galmalydygyna ynanýarlar.

Bu ýerde her bir tort elde taýýarlanyp, diňe tebigy önümler ulanylýar: täze gaýmak, şokolad, miweler, ir-iýmişler we dürli hozlar. Assortimentde nusgawy biskwitli we şokoladly tortlar, ýeňil miweli görnüşler, şeýle hem aýratyn bezegli awtorlyk süýjülikleri bar.

Zyýat Hilde baýramçylyk bezegine aýratyn üns berilýär. Çagalar üçin multfilmleriň we ertekileriň gahrymanlary bilen bezelen reňkli tortlar, zenanlar üçin näzik we owadan görnüşler, erkekler üçin bolsa sada hem-de döwrebap dizaýnly tortlar taýýarlanylýar. Kremli bezegler, şekiljikler, ýazgylar we täze ir-iýmişler her bir sargydy özboluşly edýär.

Konditer öýünde bellenilişi ýaly, müşderileriň köpüsi süýjüligiň baýramçylyk gurşawyna doly laýyk gelmegi üçin sargytlaryny öňünden edýärler. Müşderiler üçin şäher boýunça eltip bermek hyzmaty elýeterlidir. Şeýle hem 150 manatdan ýokary sargytlarda Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Zyýat Hil konditer dükanlary her gün dynç alyşsyz işleýär, sargytlar bolsa sagat 08:00-dan 22:45-e çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin salgylar we telefon belgileri:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254
Telefonlar: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi
Telefonlar: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62

Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat
Telefonlar: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63

Sosial ulgamdaky sahypasy.