Turkmenportal logo
Şu gün 13:13
51985198
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ýazyjysy Gaziantepde geçirilen türki edebiýat festiwalynda Ýunus Emre adyndaky baýraga mynasyp boldy

4 — 9-njy maý aralygynda Türkiýäniň Gaziantep şäherinde TÜRKSOÝ-yň ýanyndaky Halkara türki ýazyjylar birleşigi tarapyndan Türki dünýäsiniň edebiýat we kitap boýunça V festiwaly geçirildi. Çärä Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Wengriýadan, Kiprden we birnäçe beýleki döwletlerden alymlar, şahyrlar hem-de kyssaçylar gatnaşdy.

​ Bu forumda Türkmenistana resmi iş sapary bilen Gaziantepe baran Maksat Meredow wekilçilik etdi. Festiwalyň netijeleri boýunça ol Halkara türki ýazyjylar birleşiginiň Ýunus Emre adyndaky baýragyna mynasyp boldy.