Dostunyň iti pasportyny çeýnändigi sebäpli, britaniýaly Karl Fillipsiň Fransiýa syýahaty uzaga çekdi. Resminamany dikeltmek üçin onuň bir hepdä golaý wagty gitdi diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Fillips Turretde ýaşaýan dostunyňkyda ýerleşipdi. Gaýtmazynyň öňküsi gün ol pasporty bilen ýoltorbasyny stoluň üstünde goýup, gezelenç etmäge çykdy. Dolanyp gelende, güjügiň diwanyň üstünde pasportyny çeýnäp oturandygyna gözi düşdi. «Gözlerine ynanmadym. Pasportym bilen gümrükhana barar ýaly däldi» diýip, erkek kişi gürrüň berdi. Resminamanyň käbir sahypalary ýok edilip, esasy maglumatly sahypalar ýyrtylypdyr. Netijede, britaniýaly uçuşy goýbolsun edip, konsullyk bilen habarlaşmak üçin iki sagat ýol söküp, Marsele gitmeli boldy. Oňa wagtlaýyn resminama berdiler, öýüne dolanyp gelensoň bolsa, hemişelik pasport almaly boldy.
Güjügiň eýesi waka barada degişdi, ol güjügine wagtlaýyn Fillipsiň adyny dakmak barada teklip etdi. Karl bolsa, ýany güjükli syýahat edýän britanlara resminamalaryny mümkingadar gizläp saklamagy maslahat berdi diýip, «Daily Mail» habar berýär.