Turkmenportal logo
Şu gün 09:11
33623362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mask bir ýylda «taryhda rekord» derejede salgyt töländigini aýtdy
Surat: mir24.tv

Amerikaly işewür, «SpaceX» kompaniýasyny esaslandyran Ilon Mask «X» sosial torunda bir ýylda 10 milliard dollar salgyt töländigini habar berdi, «bu taryhda iň uly möçberli salgytdyr» diýip, dünýäniň iň baý adamy belledi. Telekeçiniň sözlerine görä, aradan çykandan soň hem ondan 40 göterim möçberde ýene bir emläk salgydy alnar.

«Forbes» žurnalynyň mart aýyndaky reýtinginde Mask eýýäm iki ýyldyr, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekýär. Onuň emlägi 839 mlrd dollara deň bolup, bu geçen ýyldaky 342 mlrd dollardan iki esseden hem kändir. Sanawda ikinji we üçünji orunlary «Google» kompaniýasynyň esaslandyryjylary Larri Peýj (257 mlrd doll.) we Sergeý Brin (257 mlrd doll.) eýelediler. Dördünji orunda «Amazony» esaslandyran Jeff Bezos (224 mlrd doll.) ýerleşdi diýip, «MIR 24» ýazýar.