Turkmenportal logo
Şu gün 17:29
51565156
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Indoneziýada awtobus bilen benzin daşaýan ulagyň çaknyşygynda 16 adam pida boldy
Surat: informburo.kz

Indoneziýadaky uly awtoulag heläkçiliginde azyndan 16 adam heläk boldy, ýolagçy awtobusy benzin daşaýjy ulag bilen çakyşdy. Ýol-ulag heläkçiligi Günorta Sumatra ülkesiniň Demirgazyk Musi-Rawas okrugyndaky Transsumatra gara ýolunda boldy. Ýüzbe-ýüz çaknyşandan soňra iki ulag serişdesi ot alyp, ýolagçylaryň köp sanlysy ot gurşan awtobusyň içinde gabawda galdy.

Awtobusda 20 adamyň bolandygy habar berilýär, ondan heniz heläkçilikden öňüsyrasy uçgun syçrap başlapdyr. Sürüji ony ýoldan gapdala sowmak isläpdir, emma şol ýerde garşydan gelýän benzin daşaýjy ulag awtobusy güýçli kakypdyr. Netijede, awtobusyň sürüjisi, benzin ulagyň sürüjisi we kömekçisi dessine jan beripdir. Pidalaryň köpüsiniň ulag serişdeleriniň içinde diri ýanandygy aýdylýar.

Diňe dört ýolagçyny halas etmek başardypdyr, olar hassahana eltilipdir.

Indoneziýanyň häkimiýetleri pida bolanlaryň anyk sanynyň kesgitlenýändigini, awtobusyň ýolagçylarynyň sanawynyň barlanýandygyny habar berdi.

Bu barada «rg.ru» habar berdi.