10–20-nji maý aralygynda Täjigistanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) U-20 çempionatynda Türkmenistanyň ýaşlar futbol ýygyndysynyň oýunlarynyň tertibi mälim boldy. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň ýygyndysy toparçalaýyn tapgyrda dört duşuşyk geçirer. 12-nji maýda türkmen futbolçylary Owganystanyň ýygyndysy bilen duşuşar, 13-nji maýda bolsa ýaryşyň eýeleri bolan Täjigistanyň ýygyndysyna garşy meýdança çykar. 15-nji maýda Türkmenistanyň garşydaşy Gyrgyzystanyň ýygyndysy bolar, 19-njy maýdaky jemleýji duşuşykda bolsa Özbegistanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar. Ähli oýunlar ýerli wagt bilen sagat 12:30-da başlanar.
Ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndysyndan başga-da Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň toparlary gatnaşar. Çempionat aýlaw görnüşinde geçiriler we iň köp utuk toplan ýygyndy ýeňiji diýlip yglan ediler. Ähli duşuşyklar CAFA-nyň resmi YouTube kanalynda göni ýaýlymda görkeziler.
Ýatladyp geçsek, ýaşlaryň arasynda geçirilen öňki CAFA-2025 çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy bäşinji orny eýeläpdi. Türkmen futbolçylary bäşinji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Owganystany 4:2 hasabynda ýeňipdiler. Şeýle hem Täjigistanyň Tursunzade şäherinde geçirilen şol oýunda CAFA-nyň karary boýunça Orazguly Orazgulyýew duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilipdi. Şol wagt topara Döwletmyrat Annaýew tälim beripdi.