Kamboja Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa + ASEAN» hyzmatdaşlyk görnüşini döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i Pnompen şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen ilkinji syýasy geňeşmeleriň jemleri boýunça habar berdi.
Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, kambojaly wekiliýete bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ASEAN-nyň diňe bir sebitde däl, eýsem onuň daşynda hem netijeli hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.
Mundan başga-da, geňeşmelere gatnaşyjylar BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Kamboja tarapyna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy hem-de guramanyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen birnäçe kararnamalarynyň awtordaşy hökmünde çykyş edýändigi üçin minnetdarlyk bildirildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde işewürlik toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, işewürlik forumlaryny we söwda missiýalaryny geçirmek, dokma senagaty, oba hojalygy we önümleri gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ulag-logistika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek kesgitlenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.