Turkmenportal logo
Şu gün 16:24
20242024
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ТNТ teleýaýlymy Hindistanda «Çelýabinskili raja» atly serialy surata düşürýär
Surat: gazeta.ru

Hindistanda «Çelýabinskili raja» atly täze gülküli serialyň  surata alnyş işleri başlandy. Bu barada Russiýanyň TNT (ТНТ) teleýaýlymynyň metbugat gullugy habar berdi.

Serialyň baş gahrymany çelýabinskli taksi sürüjisi Wasiliý Lebedew. Ol durmuşda şowlulyga ynanýar, onuň durmuşy Raja barada rowaýata laýyklykda hem-de jadyly daş bilen bagly gadymy ýüzük tapanyndan soňra özgerýär. Ýüzük Wasiliniň hindi tagt mirasdüşeriniň bedenine ornaşmagyna mümkinçilik berýär. Baş gahryman keseki ykbally adamyň ornunda öz durmuşynyň gymmatyna göz ýetirýär...

12 bölümden ybarat boljak serialda russiýaly we hindistanly aktýorlar surata düşýärler. Onuň önümçiligi bilen «М5 Продакшн» we «Gen Production» kinokompaniýalary meşgullanýar.