Sebitde ulag-logistika geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň çäklerinde Hytaýdan Owganystana konteýner ýüklerini eltip bermek üçin täze multimodal ugruň işe girizildi. Ol Türkmenistanyň hem çäginden geçýär. Bu barada «Uztemirýolkonteýner» habar berýär. Täze ýoluň adaty deňiz daşamalaryna garanyňda, has netijeli alternatiw ugur bolmagyna garaşylýar.
Logistika zynjyry demir ýol we awtomobil ulaglaryny birleşdirip, Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň çäklerinden geçýär:
Hususan-da, demir ýol tapgyry boýunça konteýnerler Hytaýdan ugradylýar we Altynköl (Gazagystan) serhet geçelgesinden geçýär. Soňra düzüm Özbegistana tarap ugrukýar.
Ýükler bu ugurda esasy merkez hökmünde çykyş edýän Buhara logistika merkezine gelýär.
Buharada ýükler awtomobil ulaglaryna geçirilýär. Ýoluň soňky bölegi Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçip, Owganystanyň Hyrat şäherine çenli dowam edýär.
Bu geçelge işe girizilmezden ozal, Hytaýdan Owganystanyň günbatar welaýatlaryna barýan harytlaryň esasy bölegi uzyn deňiz ýoly arkaly amala aşyrylýardy. Ýükler Eýranyň Bender-Abbas portuna getirilip, soňra ýük awtoulaglary arkaly owgan serhedine daşalýardy. Şeýle logistika zynjyry ortaça 31 günden 55 güne çenli wagt alýardy.
Gury ýerdäki multimodal ugra geçilmegi esasy görkezijileri ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Has takygy, ýoluň umumy uzynlygy 7 400 kilometre, ýola sarp edilýän wagt 30 güne çenli gysgalýar.
Bu ugruň işe girizilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýewraziýa logistikasynda üstaşyr geçelge hökmündäki artýan ornuny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň ulanylmagy diňe bir eltip bermegi çaltlandyrman, eýsem, Owganystana ugradylýan ýükleriň ygtybarlylygyny hem artdyrýar we sebitde has işjeň ykdysady gatnaşyklar üçin şert döredýär.