Turkmenportal logo
Şu gün 15:21
19121912
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wise-premýer N.Atagulyýew Gruziýanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdi
Surat: newscentralasia.net

7-nji maýda Gruziýanyň wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary söwdanyň tutýan ornuna hem-de Gruziýanyň we Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda amala aşyrylýan sebit ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Gruziýanyň üstaşyr mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy boldy. Türkmen tarapy Gruziýanyň portlarynyň binýadynda amala aşyryljak ammar we logistika düzümlerini döretmäge gyzyklanma bildirdi. Mundan başga-da, deňiz ulgamyny sanlylaşdyrmak, hususan-da, «Milli deňiz ýeke-täk penjiresi» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýarlyk beýan edildi.

Mariam Kwriwişwili Gruziýanyň ösen infrastruktura we Gara deňziň düýbünden geçýän kabel taslamasy arkaly Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän sebit sanly merkezine öwrülmegi maksat edinýändigini nygtady.

Taraplar syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada hem durup geçdiler.

Gruziýa tarapyndan duşuşyga ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Tamar Ioseliani, daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili, Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Iliýa Şamugiýa, Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili we «Gruziýanyň demir ýollary» PTJ-niň baş direktory Laşa Abaşidze gatnaşdylar.