Turkmenportal logo
Şu gün 14:37
60636063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi zähmet weteranyny Ýeňiş güni bilen gutlady

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismet Gezalow Aşgabatda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteran Tagyra Aliýewanyň öýüne baryp, ony Ýeňiş güni bilen gutlady hem-de oňa gül desselerini we sowgat gowşurdy. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.

Gezalow Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda weteranyň gaýduwsyz zähmetiniň çuňňur hormata mynasypdygyny belläp, oňa berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi. Şeýle hem ilçi Azerbaýjanda-da, Türkmenistanda-da weteranlara döwlet we jemgyýet tarapyndan uly hormat goýulýandygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Aliýewa bildirilen üns üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi hem-de uruş ýyllary baradaky ýatlamalary bilen paýlaşdy.

Uruş ýyllarynda Tagyra Aliýewa Gazagystanyň Irtyş etrabynda ýaşap, beýleki ýaşlar bilen bilelikde oba hojalyk meýdanynda zähmet çekipdir we fronty azyk önümleri bilen üpjün etmäge gatnaşypdyr.