Turkmenportal logo
Şu gün 14:10
25802580
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ýük dolanyşygynyň artmagyna garaşylýar

Gruziýa Türkmenistan bilen ýük dolanyşygynyň artjakdygyna ynam bildirýär. Bu barada «Gruziýanyň demir ýollarynyň» baş direktory Laşa Abaşidze öz pikirlerini paýlaşdy.

Golaýda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri bilen bilelikde Türkmenistanda geçirilen resmi duşuşyklara, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisine gatnaşan Laşa Abaşidzeniň aýtmagyna görä, gruziýa tarapy Türkmenistandan barýan ýük dolanyşygynyň mundan beýläk-de dowamly artmagyna garaşýar.

«Türkmendemirýollary» biziň möhüm hyzmatdaşymyzdyr. Şu ýyl bizde örän gowy netijeler bar — ýük dolanyşygynyň ösüş depgini artýar. Bu görkezijini has-da gowulandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynanýarys. Şu ýyl Türkmenistan bilen ýük dolanyşygynyň göwrüminiň ep-esli artmagyna garaşýarys» diýip, Laşa Abaşidze belledi.