Turkmenportal logo
Şu gün 12:43
50755075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belawia» 22-nji maýdan başlap Minskden Dubaýa gatnawlaryny täzeden ýola goýýar

Belarusyň «Belawia» milli awiakompaniýasy  2026-njy ýylyň 22-nji maýyndan başlap Minsk bilen Dubaýyň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden dikeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

Birinji tapgyrda gatnawlar hepdede iki gezek — sişenbe we anna günleri amala aşyrylar. Uçuşlar üçin Boeing 737 kysymly uçarlar ulanylar.

Şol bir wagtyň özünde awiakompaniýa gatnawlaryň täzeden dikeldilmeginiň uçuşlaryň howpsuz amala aşyrylmagy üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine bagly boljakdygyny belleýär.

Ýolagçylara sapardan öň awiakompaniýanyň saýtyndaky «Uçuş/gonuş tertibi» bölüminden uçuş wagtynyň täzelenen maglumatlaryny barlamak maslahat berilýär.