Turkmenportal logo
Şu gün 12:38
57385738
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň 108 ýaşly weterany Aýdogdy Amadyýewy Ýeňiş güni bilen gutladylar

Türkmenistanyň uzak ömürli raýatlarynyň biri, 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weterany, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Aýdogdy Amadyýew ömrüniň 108-nji baharyny garşy alýar.

Weterany Ýeňiş güni bilen gutlamak üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde onuň öýüne bardy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Weterana ýadygärlik sowgatlar hem-de ter güller gowşuryldy, şondan soň ýaşlar onuň bilen gürrüňdeş boldular. Institutyň «Kuwwat» saz toparynyň talyplary weteran üçin birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Aýdogdy Amadyýew 23 ýaşynda fronta gidýär. 150-nji diwiziýanyň 46-njy atyjylyk polkunyň esgeri hökmünde ilkinji söweş tejribesini Moskwanyň eteginde alýar. Urşy bolsa 52-nji atly diwiziýanyň 135-nji atly polkunyň düzüminde tamamlaýar.

Ol söweşde görkezen edermenligi we aýratyn-da Berlin operasiýasynda bitiren hyzmatlary üçin III derejeli «Şöhrat» ordeni, «Berlini eýelänligi üçin» medaly, soňra bolsa I derejeli «Watançylyk urşy» ordeni bilen sylaglanýar.