«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşigi öz işini bes edýär. Bu barada degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
Bildirişde şeýle bellenilýär: «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan işini bes edýändigi sebäpli, ähli gyzyklanýan taraplaryň şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli özara hasaplaşyklary geçirmeklerini soraýarys».