Turkmenportal logo
Şu gün 11:50
42894289
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan nebit önümleriniň çykarylmagyna gadaganlygy uzaltdy
Surat: zakon.kz

Gazagystanyň Energetika ministrligi Respublikanyň çäginden benziniň, dizel ýangyjynyň we nebitönümleriniň aýry-aýry görnüşleriniň çykarylmagyna gadaganlygy 2026-njy ýylyň 21-nji noýabryna çenli uzaltdy. Bu barada ministrligiň kararyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Gadaganlyga çalgy ýaglary, şeýle hem ulag serişdeleriniň kärhana baklaryndaky ýangyç girmeýär (gije-gündizde bir gezekden artyk bolmaly däl).

Gazagystanda benziniň, dizel ýangyjynyň we nebitönümleriniň aýry-aýry görnüşleriniň awtoulag hem-de demir ýol arkaly ýurduň çäginden çykarylmagyna öňki gadaganlyk 2025-nji ýylyň 20-nji noýabryndan bäri alty aý möhlet bilen, ýagny şu ýylyň 20-nji maýyna çenli hereket edýär.

Çäre içerki bazarda ýangyç ýetmezçiliginiň öňüni almak maksadyna gönükdirilendir.