Türkmenistanda Mary — Serhetabat demir ýoluny düýpli abatlamak işlerinde göreldeli zähmet çeken öňdebaryjy işgärler sylaglandy. Olara hormatly hatlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu barada railway.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäräniň çäklerinde «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň binasynda geçirildi.
Çykyş edenler ýurtda demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ukyply, bilimli we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini bellediler.
Dabaraly çäre aýdym-sazly konsert bilen utgaşdy.