7-nji maýda Waşingtonda Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy assosiasiýasynyň (TABCA) resmi açylyş dabarasy boldy. Çäräniň çäklerinde guramanyň ilkinji işewürlik forumy geçirildi.
Çärä logistika, elektron söwda, maglumat tehnologiýalary, bilim, konsalting, söwda we hyzmatlar ulgamlaryna wekilçilik edýän 50-den gowrak türkmen we amerikan kompaniýalary gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň esasy bölegi kiçi we orta telekeçilik düzümleri boldy.
Forum iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni B2B aragatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirildi. Gatnaşyjylar öz işewürlik ugruny tanyşdyrdylar, hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrendiler we Türkmenistanda hem-de ABŞ-da iş alyp barmagyň tejribeleri barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri TABCA-nyň ýolbaşçylaryny we agzalaryny assosiasiýanyň işe başlamagy bilen gutladylar. Olar bu guramanyň kiçi we orta telekeçilige üns bermek bilen, türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze we amatly meýdançadygyny bellediler.
Çäräniň dowamynda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak (networking) sessiýasy we sylaglama dabarasy hem geçirildi. Dabarada iki ýurduň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşantlary üçin görnükli türkmen-amerikan telekeçilerine sylaglar gowşuryldy.