Turkmenportal logo
Şu gün 10:37
67706770
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Obama başga planetalylar barada pikirini paýlaşdy
Surat: gazeta.ru

Birleşen Ştatlaryň hökümeti başga planetalylaryň bardygyny ykrar edýän maglumatlary gizlin galdyryp bilmezdiler, sebäbi olar syr saklap bilenoklar. Bu barada ýurduň öňki Prezidenti Barak Obama «CBS News» teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Obamanyň pikiriçe, gizlin ýeri goraýan haýsydyr bir ýigit eýýäm başga planetaly bilen selfi edip, ony öz halaşýan gyzyna ýollardy.

Öňki Prezident amerikan hökümetiniň «syrlary gaty ýaramaz saklaýandygyny» ýene bir ýola nygtady.