Turkmenportal logo
Şu gün 10:20
41674167
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Baýramaly şäherindäki dokma toplumynyň düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplügi öndürýän bölümi açyldy

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň düýe ýüňüni we geçi çöpürini egrip, ýüň ýüplügi öndürýän bölümi açyldy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu bölüm sebitde düýe ýüňüni we geçi çöpürini egirýän ilkinji hem-de ýeke-täk önümhanadyr. Täze bölümiň ýyllyk kuwwaty 130 tonna ýüň ýüplügi öndürmäge barabardyr. Onda ornaşdyrylan enjamlar düýe ýüňünden we geçi çöpürinden (kaşemir matasyny dokamak üçin) boýalan hem-de boýalmadyk, Nm 8 — Nm 27 belgili ýüplükleri öndürip, olary iki, üç gatlanan ýüplük görnüşinde eksport etmäge niýetlenendir. 

Bu ýerde oturdylan enjamlar Italiýanyň öňdebaryjy «Gomatex» kompaniýasynyň önümleri bolup, olar ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde öndüriljek ýüplükler switer, içki geýim, şarf, ellik, ýapynja, penjek ýaly önümler üçin niýetlenendir. Şeýle ýüplüklere, esasan, Hytaýda we Ýewropa ýurtlarynda köp isleg bildirilýär.

Täze önümçilik bölüminiň işe girizilmegi netijesinde goşmaça 116 adama iş orny döredildi. Täze bölümde düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýylda 130 tonna ýüň ýüplük öndüriler. Şeýle kärhana sebitde ýeke-täkdir. Düýe ýüňüniň we geçi çöpüriniň gaýtadan işlenilmegi netijesinde öndürilýän ýüň ýüplükler daşary ýurtlarda uly gyzyklanma eýe. Bu ýüplüklerden kaşemir matasy dokalýar.