Turkmenportal logo
Şu gün 09:23
98259825
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Anamjan Rustamowa ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempiony boldy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa 86 kilograma çenli agram derejesinde ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Ýaryşlar Müsürde geçirilýär.

Anamjan silterläp götermekde 110 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram netije görkezdi. Şeýlelikde, ol iki görnüşiň jemi boýunça 257 kilogram netije gazandy. Şeýle hem türgen itekläp götermekde kiçi altyn medala eýe boldy.

Ýaryşyň jemleri boýunça türkmen türgeni Linyue Xuy (256 kg) we Emma Pogosýany (253 kg) yzda galdyryp, birinji orny eýeledi. Hytaýly türgen ikinji, ermeni türgen bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Bu Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzirki dünýä çempionatyndaky ikinji baýragydyr. Mundan ozal Didarbek Jumabaýew 79 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala eýe bolupdy.