Turkmenportal logo
Düýn 22:32
1584715847
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna sowgatlar gowşuryldy

Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary we şol döwre degişli dürli serişdeler görkezildi.

Dabara «Mert ogullar» atly aýdym hem-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly teatrlaşdyrylan edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Dabaranyň dowamynda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady hem-de gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Umuman dabara 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, tylda zähmet çeken ak saçly eneleriň nusgalyk edermenliginiň mynasyp hormatlanylýandygyny alamatlandyrdy. 

Şeýle dabaralar ýurduň ähli welaýatlarynda hem şatlyk-şowhun bilen geçirildi.