Pakistanyň Karaçi şäherinde yssydan azyndan 10 adam heläk boldy. Sebitde 2018-nji ýyldan bäri iň yssy howa hasaba alyndy, howanyň derejesi 44 gradusdan geçdi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Lukmançylyk edaralary ýokary taýýarlyk ýagdaýyna getirildi. Karaçide goşmaça 13 sany lukmançylyk kömegi nokady döredildi. Ýaşaýjylara ýeňil, giň, açyk reňkli egin-eşikleri we başgaplary geýinmek, Gün şöhlesinden goraýan serişdeleri ulanmak maslahat berilýär.
Hünärmenleriň çaklamasyna görä, hepdäniň aýagynda howa biraz salkynlyk aralaşyp, 37 gradusa düşer.
Geçen hepdede Pakistanyň meteorologik edarasy Karaçi we Sind ülkesiniň beýleki şäherleriniň ilaty üçin jokrama yssy barada duýduryş ýaýratdy. Ýaşaýjylara öýlerinde galmak, Gün urmasyndan we suwsuzlykdan goranmak üçin degişli çäreleri berjaý etmek duýduryldy.