Turkmenportal logo
Düýn 17:17
24232423
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylda Balkan welaýaty 10,7 milliard manatlyk maýa goýumy özleşdirer — bu ýurduň ähli döwlet maýa goýumlarynyň 26,1%-ine deňdir

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýaty boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 10 milliard 745 million manada deňdir. Bu bolsa Türkmenistan boýunça jemi maýa goýum möçberiniň 26,1 göterimini emele getirýär.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilişi ýaly, maýa goýumlaryň 88,1 göterimi (9 milliard 466 million manat) önümçilik maksatly döwrebap desgalaryň gurluşygyna we hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge gönükdiriler.

Energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleriniň pudagyny ösdürmek üçin Gyzylarbat etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan, köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy guruldy. Munuň özi sebitiň energetika kärhanalarynyň kuwwatyny has-da artdyryp, ýylda 4,7 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürmäge, ilatly ýerleriň üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge amatly şertleri döredýär. 

Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1 574 megawata deň bolan elektrik stansiýasynyň we elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygy dowam etdiriler. Kuwwaty 120 megawat bolan Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Şu ýyl welaýatda nebitiň (gaz kondensaty bilen bilelikde) çykarylyşyny 8,2 million tonna, tebigy gazyň çykarylyşyny bolsa 8,8 milliard kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda nebiti ilkinji gezek gaýtadan işlemegiň möçberi 4 671,7 müň tonna, dizel ýangyjynyň öndürilişi 1 324,9 müň tonna, suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň öndürilişi bolsa 108,7 müň tonna ýetiriler.

Şu ýyl Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýyllyk kuwwaty 900 müň tonna bolan haýal kokslandyrma we 500 müň tonna bolan gudronyň deasfaltizasiýasy desgasynyň gurluşygyny doly tamamlamak meýilleşdirilýär.

Himiýa pudagynda hem täze sepgitler göz öňünde tutulýar. 2026-njy ýylda welaýatda 1 090,0 müň tonna azot dökünleri, 711,0 tonna tehniki ýod we 1 500,0 tonna natriý sulfaty öndüriler. «Balkanabat» ýod zawodynda ýylda 60 tonna tehniki ýod öndürýän tejribe-synag desgasy hem-de Gyýanlydaky polimer zawodynyň işgärleri üçin 472 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy gurlup ulanmaga berler.

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde demir gurnawlaryň öndürilişini 362,0 tonna, asfaltbetonyň öndürilişini bolsa 295,0 müň tonna ýetirmek meýilleşdirilýär.

2026-njy ýylda Balkan welaýatynda tikinçilik we örülen önümleriň möçberiniň 1 013,1 million manada, haly we haly önümleriniň 127,8 müň inedördül metre, ýüpek matalaryň 150,1 müň inedördül metre, jorap önümleriniň 22,0 million jübüte, pagta süýüminiň 3,0 müň tonna deň bolmagyna garaşylýar.

Şu ýyl welaýat boýunça 8,5 müň tonna et we et önümlerini, 26,0 müň tonna süýtdür süýt önümlerini, 1,6 müň tonna süýji-köke önümlerini, 9,4 million şertli banka miwe-gök önüm konserwlerini öndürmek, balyk hem-de gaýtadan işlenen, konserwirlenen balyk önümleriniň öndürilişini 194,0 tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şu ýyl Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň Balkan welaýat bölüminiň täze ammaryny ulanmaga bermegiň hem meýilleşdirilýändigini bellemelidiris. 

Ýurduň günbatar sebitinde ulag hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegi we hiliniň gowulandyrylmagy netijesinde, 2026-njy ýylda ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň möçberi 94 569,0 müň tonna, ýolagçylary gatnatmagyň umumy möçberi bolsa 75 445,0 müň ýolagça deň bolar diýlip çaklanylýar.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde 2 sany gury ýük gämisiniň we deňiz düýbüni çuňaldyjy gäminiň gurluşyklary tamamlanyp, ulanmaga berler. Şu ýyl «Ro-Ro» görnüşli gäminiň gurluşygy hem göz öňünde tutulýar.

Ähli welaýatlarda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem durmuş ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna görä, welaýatda jemi 25 sany hassahana, 173 sany çagalar bagy, 168 sany orta mekdep, 5 sany orta hünär bilimi edarasy, 1 sany ýokary hünär bilimi edarasy, 20 sany sport mekdebi, 37 sany kitaphana, 1 sany teatr we 6 sany muzeý hereket edýär.

Şu ýyl Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obany açmak göz öňünde tutulýar. Onuň çäklerinde geňeşligiň edara binasy, ýangyn howpsuzlygy bölümi, 120 orunlyk orta mekdep, 80 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, söwda merkezi, ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş-hojalyk desgalary bar.

Şeýle-de Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň «Çaga dogrum bölüminiň» durkuny täzelemek hem-de welaýatyň Gan bankynyň, Patalogik anatomiýa edarasynyň we Kazyýet lukmançylyk edara binasynyň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär.