Turkmenportal logo
Düýn 16:51
1655716557
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
5 ýyl kepillik: näme üçin «SIGMA» liftleri ygtybarlylygy sebäpli saýlanýar?

Liftler barada söz açylanda, ygtybarlylyk iň esasy saýlaw görkezijileriniň birine öwrülýär. Şonuň üçin hem «SIGMA Elevator» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolan «Gurat Hil» kompaniýasy diňe bir enjamlary getirmek bilen çäklenmän, eýsem, müşderileriň uzak möhletleýin ynamyna hem uly ähmiýet berýär. Ähli önümlere 5 ýyllyk giňeldilen kepillik hereket edýär — bu bolsa pudakda kabul edilen standart şertlerden ep-esli ýokarydyr.

Kepillik lift enjamlarynyň ähli esasy böleklerini öz içine alýar: mehanizmler, gapy ulgamlary, elektron dolandyryş bloklary we beýleki komponentler. Şeýle çemeleşme «SIGMA Elevator-yň» önümçilikdäki berk hil gözegçiligi netijesinde mümkin boldy.

Kompaniýanyň özüne degişli, 2004-nji ýylda Hytaýyň Milli akkreditasiýa gullugy (CNAS) tarapyndan ykrar edilen akkreditirlenen barlaghanasy hereket edýär. Synaglaryň netijeleri dünýäniň 80-den gowrak ýurdunda, şol sanda ABŞ-da, Germaniýada, Ýaponiýada we Fransiýada kabul edilýär. Bu ýerde 200-den gowrak görkeziji barlanýar we ähli düzüm bölekleriň 90%-den gowragy synagdan geçirilýär.

Şunda köp sanly synaglar halkara standartlaryndan has berkdir. Mysal üçin, gapy gulplary standart 1 millionyň ýerine, 2 million gezek açylyp-ýapylma synagyndan geçýär. Dolandyryş düwmeleri 3 million gezek basylmaga niýetlenendir, gapy tigirçekleri bolsa 2 million aýlawa çenli ätiýaçlyk bilen synagdan geçirilýär.

Eskalator enjamlaryna hem aýratyn üns berilýär. Basgançak tigirçekleri pudaklaýyn kadada bar bolan 250 sagadyň ýerine, 5000 sagatlap synag edilýär. Basgançaklar 20 million aýlawlyk dinamiki ýüklenme synagyndan geçýär, tutawaçlar bolsa 3000 sagadyň dowamynda könelme barlagyndan geçýär.

Enjamlaryň howa şertlerine durnuklylygy üçin aýratyn synaglar toplumy geçirilýär. Dolandyryjy ulgamlar -10-dan +70 °C-e çenli, termosikllik synaglar bolsa -40-dan +125 °C-e çenli temperaturada barlanýar. Tozana garşy durnuklylygy boýunça synaglar bolsa standart talaplardan üç esse köp ýüklenme bilen amala aşyrylýar.

Hut, şeýle derejedäki gözegçilik «SIGMA Elevator» kompaniýasyna enjamlaryň uzak möhletleýin hyzmatyny üpjün etmäge we bozulma ähtimallygyny iň pes derejä düşürmäge mümkinçilik berýär.

«Gurat Hil» kompaniýasy enjamlary saýlamakdan we gurnamakdan başlap, tehniki hyzmat edişe çenli taslamalara ähli tapgyrlarda goldaw berýär. Kepilligiň çäklerinde müşderilere önümçilik kemçiliklerini mugt aradan aýyrmak, näsaz bölekleri çalşyrmak we tehniki hünärmenleriň gyssagly barmagy ýaly hyzmatlar hödürlenýär.