Turkmenportal logo
Düýn 15:36
94909490
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mel Gibson «Isanyň yhlaslarynyň» dowamyny surata düşürdi
Surat: mir24.tv

Amerikaly we awstraliýaly aktýor, režissýor, ssenariçi hem-de prodýuser Mel Gibson özüniň «Isanyň yhlaslary» filminiň dowamyny — «Isanyň gaýtadan dogulmagy» filminiň surata düşüriliş işlerini tamamlady.

Önümçilik ýedi aýa çekdi, surata alyş işleriniň köp bölegi Rimde geçdi. Täze filmde Iusus Hristosyň ölüminden soňky wakalar beýan edilýär. Iki bölümden ybarat filmiň umumy býujeti 250 million dollar. Birinji bölümiň ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň 26-njy martynda, ikinjisi şol ýylyň maýynda bolar.

Gibsonyň 2004-nji ýyldaky ilkinji filmi öz döwrüniň iň kän jedelleşilen dini dramasy bolupdy diýip, «World Of Reel» neşiri habar berdi.