Turkmenportal logo
Düýn 14:30
92109210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tawuslar Italiýanyň şäherini basyp aldy, ýaşaýjylar nägilelik bildirýärler
Surat: mir24.tv

Italiýanyň Punta-Marina şäherjigine tawuslaryň hüjümi başlandy. Birnäçe ýüzlerçe guşlaryň sürüsi şähere doldy, olar öýleriň üçeklerini hatardan çykarýarlar, awtoulaglara zeper ýetirýärler, onsoňam çirkin gykylyklary bilen ýaşaýjylary biynjalyk edýärler. Bu guşlaryň «nesilbaşylary» mundan 10-15 ýyl öň ýerli ýaşaýjy tarapyndan erkinlige goýberilen iki sany tawus hasaplanýar. Jübütler sosna tokaýlygynda ýaşap, köpsanly nesil ýetişdiripdirler.

Şäheriň ýaşaýjylary bu guşlara dürlüçe garaýarlar. Kimlere bu owadan tawuslar ýarasa, kimler olaryň oňaýsyzlyk döredýändiklerinden şikaýat edýär. Soňky pikirdäkiler bu guşlary fermada saklamagy teklip etdiler, emma olara haýwanlary goramak boýunça topar tarapyndan berk gaýtawul berildi.

Şonuň üçin meseläniň çözgüdi tapylanok. Şäher geňeşiniň agzalary tawuslaryň sanynyň ýazgysyny geçirmekçi bolýarlar diýip, «The Times» habar berdi.